Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hormatly talyplary!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty sizi ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda «Kartografiýa» dersi boýunça II internet olimpiadasyna gatnaşmaga hormat bilen çagyrýar.
Bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, hünär bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, şeýle hem talyplaryň giňişleýin pikirlenmegini we özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Olimpiada halkara bäsleşiklerde öz ýokary okuw mekdebine mynasyp wekilçilik edip biljek, kartografiýany iň oňat bilýänleri kesgitlemäge gönükdirilendir.
Esasy guramaçylyk maglumatlary:
Giňişleýin maglumatlar we ýumuşlar institutyň resmi web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler: www.tdbgi.edu.tm.
Öz güýjüni synamak isleyän ähli talyplary işjeň gatnaşmaga we taýýarlyk derejesini görkezmäge çagyrýarys!
Şu salgy boýunça geçip, olimpiadanyň jikme-jik düzgünnamasy bilen tanyşyň.