Geljegiň inženerleri, häzirki zaman awtomatlaşdyryş sistemalary
15-10-2026
4
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebinde “Geljegiň inženerleri, häzirki zaman awtomatlaşdyryş sistemalary” atly okuw seminary geçirildi. Ilki bilen gutardyş synpda okaýan mekdep okuwçylary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlygyň ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Soňra häzirki wagtda ýurdumyzda senagat kärhanalarynda ulanylýan döwrebap awtomatlaşdyrylan sistemalar, önümçiligiň, tehnikanyň we sanly ulgamyň iň soňky gazananlary, şeýle hem inženerçilik dünýäsiniň geljegi barada gürrüň edildi.
Robototehnikanyň esaslary, Akylly öý, Akylly şäher, HMI, SCADA ýaly awtomatlaşdyrmagyň döwrebap ulgamlary mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan hünäre ugrukdyrylmagy olaryň geljekde ýurdumyzy gülledip ösdürjek, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak adamlar bolup ýetişmegine uly itergi berer.