Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly okuw-usuly seminaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň we fakultetleriň talyp ýaşlary gatnaşdy.
Bu çykyşda 2026-njy ýylyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy derejede ysnyşykly diology, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin umumy tagallalary birleşdirmek babatynda halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý boljakdygy, şolaryň hatarynda ýurdumyzyň baş baýramy - Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýynyň, ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň geçiriljekdigi, şeýle hem, 2026-njy ýylda Türkmenistan döwletimiziň GDA döwletlerine Baştutanlyk edip, GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada buýsançly maglumatlar habar berildi.