«ÇAGALY ÖÝ — BAZAR», «ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY»

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň gurnamagynda talyplaryň arasynda milliligimizi, maşgala mukaddesligini we nesil terbiýesini dabaralandyrýan «Çagaly öý — bazar», «Çaga — ömrüň dowamy» tema boýunça örän täsirli dabaraly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


TDBGI


Bu çäräniň dowamynda — Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren taryhy umumy okuw sapagynda öňe süren parasatly pikirlerini, çäksiz öwüt-ündewlerini hem-de ata-babalarymyzdan gelýän milli-ruhy gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň aňyna we kalbyna guýmakdan ybarat boldy.

Dabaranyň dowamynda çykyş eden mugallymlar we talyplar ýaş nesli yzygiderli watançylyk we arassa ahlaklylyk, milli däp-dessurlar hem-de ekologiýa medeniýeti ruhunda terbiýelemekde Milli Liderimiziň taryhy çykyşlarynyň amaly ähmiýetini giňden düşündirdiler.

Şeýle hem çärede Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, sagdyn we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döwlet derejesinde edilýän beýik aladalar barada aýratyn bellenildi.