“Türkmenistanda seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmagyň usullary” atly ylmy-nazary maslahaty

2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň guramagynda 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesiniň 78 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanda seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmagyň usullary” atly ylmy-nazary maslahaty geçirildi.


TDBGI


Maslahata Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.


TDBGI


Maslahatyň dowamynda weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň taryhy sapaklary seljerildi. Çykyş eden hünärmenler seýsmiki monitoring ulgamyny kämilleşdirmek, çäkleri seýsmiki mikroetraplaşdyrmak hem-de onuň netijeleri esasynda binalaryň we ulag infrastrukturasynyň desgalarynyň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek boýunça döwrebap inženerçilik çözgütleri barada giňişleýin maglumat berdiler.


TDBGI


Şol sanda Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym Ý. Myradow “Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk”, “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy P. Bäşimow bolsa “Ýer gabygynyň hereketini kesgitlemegiň häzirki zaman geodeziki usullary” atly temalar boýunça çykyş etdiler.


TDBGI


Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara arabaglanyşygyny berkitmek seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Ylmy-barlag institutlarynda alnan netijeleri okuw işine ornaşdyrmak, talyplary ylmy gözleglere we önümçilik tejribesine çekmek, şeýle hem döwrebap inženerçilik çözgütlerini taslama we gurluşyk işlerinde ulanmak bu arabaglanyşygyň esasy ugurlaryny emele getirýär. Şeýle hyzmatdaşlyk geljekki hünärmenleriň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmaga, ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga we gurluşygyň hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berýär.


TDBGI


Maslahat ylmy tejribeleri alyşmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de talyp ýaşlaryň seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk babatdaky bilimlerini çuňlaşdyrmak üçin ähmiýetli çäre boldy.


TDBGI


Ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösmegi, ylmy gözlegleriň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.


TDBGI


Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!


Makalany taýýarlan: Ýolly MURADOW, Ýol gurluşygy fakultetiniň «Awtomobil ýollarynyň gurluşygy»
kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty,
Türkmen döwlet arhitektura-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.