GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TARYHY OKUW SAPAGY WE HALKARA BILIM HYZMATDAŞLYGY

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren ilkinji taryhy okuw sapagynyň mazmunyny hem-de milli bilim ulgamyndaky üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Himiýa tehnologiýasy fakultetinde “Türkmenistan – Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini giňden ýaýbaňlandyrmak” temasy boýunça möhüm çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda «Diller» kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa “Gahryman Arkadagymyzyň taryhy okuw sapagy we halkara bilim hyzmatdaşlygy” atly tema boýunça çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny halkara derejä çykarmak, daşary ýurt dillerini öwretmegň innowasion usullaryny we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine giňişleýin durlup geçdi. Çykyşda ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýaş nesilleriň hünär taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmegindäki ornuna aýratyn üns çekildi.


TDBGI


Şeýle hem çärä gatnaşyjylara ýurdumyzda ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen guralýan halkara maslahatlar, ylmy forumlar hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilip geçilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ylym-bilim ugry boýunça alyp barýan giň gerimli hyzmatdaşlygy ýaşlarymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän hünär bilimi almaga, tejribe alyşmaga hem-de ylmy barlaglary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu halkara çäreler ýurdumyzyň ylym we bilim mümkinçiliklerini dünýä derejesinde wagyz etmekde möhüm ädim bolup hyzmat edýär.


TDBGI


TDBGI


Kümüş ALLABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy