2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmek we olaryň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň “Binagärlik” we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedralary bilen bilelikde gurnamagynda “Gurluşyk sungatynyň nusgasy: Seýitjemaletdin ýadygärligine syýahat” atly göçme okuw sapagy geçirildi, şeýle hem Miras we TW-4 teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi.
Taryhyň we medeniýetiň gymmatly sahypalaryny özünde jemleýän, keramatly Seýitjemaletdin ýadygärliginiň çäginde, meýletinçi talyplar bilen geçirilen göçme okuw sapagy örän täsirli boldy. Ýaş nesillere diňe bir kitap arkaly däl, eýsem taryhy ýerlerde amaly sapaklar arkaly bilim bermek olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde aýratyn orna eýedir. Çykyş eden mugallymlar Seýitjemaletdin metjidiniň XV asyrda gurlandygy, binagärlik sungatynyň täsin nusgasydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Seýitjemaletdin metjidi barada halk arasyndaky aýdylýan rowaýat meýletinçi talyplarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem meýletinçi talyplarymyz bilen Seýitjemaletdin metjidiniň täsin binagärlik gurluşyny, keramik bezegleri we taryhy tapyndylary barada öz ýerinde öwrenmäge uly mümkinçilik boldy. Bu göçme okuwyň esasy maksady — meýletinçi talyplarda taryhy mirasymyza bolan buýsanjy artdyrmak we olaryň meýletinçilik işlerini kämilleşdirmekdir. Biz şu gün bu ýerde diňe bir taryhy öwrenmän, eýsem meýletinçi talyplarymyzyň daşary ýurtly myhmanlara öz taryhymyzy gyzykly gürrüň berip biljekdiklerini, iňlis we beýleki dillerde taryhy ýerleri nähili tanyşdyrmalydygyny amaly taýdan işleýäris. Meýletinçi talyplarymyz geljekde halkara çärelerde ýurdumyzyň taryhy-medeni baýlyklaryny dünýä tanyşdyrmakda esasy güýç bolup durýar. Geçmişini, ýagny taryhyny bilýän ýaşlar — geljegi berk gurýan ýaşlardyr. Bu çärede çykyş eden mugallymlar meýletinçi talyplarymyzyň diňe bir nazary bilimli hünärmenler däl, eýsem öz halkynyň geçmişine sarpa goýýan ynsanlar bolup ýetişmegi üçin zähmet çekýändiklerini nygtadylar.
Bu göçme okuw sapagy meýletinçi talyplarymyzyň ýadynda ömürlik galjak we täze ylmy gözleglere itergi berjek bir pursat boldy. Seýijemaletdin ýadygärligi barada birnäçe meýletinçi talyplaryň iňlis we rus dillerinde gysgaça öz düşünjeleri bilen TW-4 teleýaýlymynda we institutymyzyň Tik-tok sahypasynda çykyş etmekleri olaryň dil başarnyklaryny has-da kämilleşdirýändiklerini subut etdi.
Gurluşyk sungatynyň nusgasy bolan Seýitjemaletdin ýadygärligine syýahat eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we meýletinçi talyplary milli mirasymyzy gorap saklamakda we dünýä tanyşdyrmakda döredilýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň uly hoşallyklaryny bildirdiler.


Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy