“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany!” atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerdir dabaralar giňden bellenilip geçilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny we meýletinçilik ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda watana bolan duýgyny ösdürmek, şeýle hem olarda döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap, 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany!” atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi.


TDBGI


Bu aýdym-sazly döredijilik dabarasynda talyp ýaşlar Watanymyzy  wasp edýän şygyrlary labyzly ýerine ýetirdiler. Ata watanymyzyň ösüşlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy taryplaýan öz düzen şygyrlary bilen çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda okamaga döredilip berlen mümkinçilikleri beýan etmek bilen, “Meniň hünärim” atly iňlis dilindäki kompozisiýa has-da joşgunly boldy. Şeýle hem meýletinçi talyplaryň mähriban ArkadagymyzyňPaýhas çeşmesi” kitabyndan watançylyk, dost-doganlyk hakynda ýerine ýetiren atalar sözi we nakyllary ýatda galyjy boldy.


TDBGI


Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusynyň daşary ýurt dillerinde ýaňlanmagy, dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Institutymyzyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň ýaşyl tugumyz, ata watanymyz baradaky ýerine ýetiren şirin nagmalary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak duýgylary galdyrdy.


TDBGI