Türkmenistanyň “Hemişelik Bitaraplyk” ýörelgesine daýanýan daşary syýasaty GDA (GDA — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy) bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Makalada ykdysadyýet, energetika we ulag-logistika ugurlary boýunça “Demirgazyk–Günorta” hem-de “Günbatar–Gündogar” geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma, ylym-bilim we medeni alyş-çalyş ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri seljerilýär. “Russiýa – Merkezi Aziýa” derejesindäki duşuşyklaryň netijeleri hem GDA gatnaşyklarynyň pragmatiki mazmunyny artdyrýan möhüm ädim hökmünde görkezilýär. Beýan edilen ugurlar syýasy durnuklylygy berkitmäge, sebitleýin integrasiýany çaltlandyrmaga we halklaryň abadançylygyna hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Makalaň awtory: Bagül ANNANEPESOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
mugallymy.