2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini döretmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy A.Saparowyň guramagynda häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda okuw tejribeligini geçdiler.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplara institutyň täze binalar toplumynyň binagärlik aýratynlyklary, inženerçilik enjamlaşdyrylyş ulgamlary, peýdalanylyş usullary we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelişi barada düşündiriş berildi. Täze gurulýan okuw binalarynyň bezeg aýratynlyklary, olaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşy we ähmiýeti barada talyplara tejribeli hünärmenler we halypa mugallym tarapyndan giňişleýin maglumatlar berildi.
Göçme okuw sapagynda talyplar özleriniň gurluşyk taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlaryny topladylar. Şeýle-de gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, gurluşyk tehnologiýalary ugrunda bilimlerini artdyrdylar. Talyplar öz hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek üçin gymmatly mümkinçilik gazandylar.
Netijede, bu okuw tejribeligi talyplar üçin örän täsirli bolup, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, mähriban Watanymyzyň binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.