Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň gurnamagynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň4-ine “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk garaýyşlary – Alym Arkadagymyzyň nugalyk ýörelgesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsinde parahaçtylyk, ynanyşmak ýaly ýörelgeleriň şöhlelenişine bagyşlandy.Döredijilik duşuşygyna Milli goşun žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow, Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa, “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa we instituyň ýaş şahyrlary hem-de talyplarygatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy esasan Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde parahatçylyk we ynanyşmak, watansöýüjilik ýaly temalarda türkmen halkynyň beýik taryhynyň şöhlelenişi, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň watansöýüji, il-halka wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerine bagyşlandy. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde dürli temalardan ýazylan goşgulardaky syrly setirleriň teswirlerine aýratyn üns berdiler we olar barada jikme-jik durup geçdiler. Talyplar öz gezeginde düzen goşgulary barada halypalar bilen maslahatlaşyp, goşgy ýazmagyň düzgünleri we tärleri barada özara pikir alyşdylar. Çykyşlardan hem belli bolşy ýaly parahatsöýüjilik, ynanyşmak, ylalaşdyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ajaýyp häsiýetler Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde aýratyn orun tutýar. Taryhyň dürli sahypalaryna seretseň “Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr” diýen aýtgyny tagma edip ýer ýüzüne ýaýan türkmen halky birnäçe döwletleri döredip, döreden döwletlerinde ilki bilen agzybirlik, birek-birege hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň mukaddes ýol hasaplan, Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerine siňdiren parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny aýtdylar.