Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklere, olimpiýadalaryna yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylan ýylymyzyň ilkinji günlerinde okuwlarynda we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda döwlet derejesinde geçirilen dürli bäsleşiklere we halkara olimpiýadalara işjeň gatnaşyp üstünlikleri gazanan institutyň talyp ýaşlaryny we olary bu bäsleşiklere taýýarlan professor-mugallymlaryny hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.