“Ýagtylygyň elektrik çeşmeleri we tehniki meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde “Ýagtylygyň elektrik çeşmeleri we tehniki meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat Türkmenistan döwletimiziň Elektroenergetika pudagyndaky mümkinçiliklerine, pudakda gazanylan üstünliklere we energiýanyň adaty däl çeşmeleri bilen bagly meselelere bagyşlandy. Ilki bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmeni Abdyrahman Myratdurdyýew çykyş edip, elektroenergetika pudagynyň häzirki ösüş depgini we bu pudakda halkara derejedäki alnyp barylýan işler bilen ýygnaga gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Soňra fakultetiň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň uly mugallymy Annagylyç Gurbanow we şol kafedranyň mugallymy Hojadurdy Hojadurdyýew çykyş etdi. Mugallymlar çykyşlarynda döwletimizde energiýanyň adaty däl çeşmeleri bolan Gün we ýel energiýalaryny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny almagyň birnäçe mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Ýeri gelende aýtsak bu ugurdan fakultetde hem birnäçe ylmy-barlag işleri alnyp barylýar we elektroenergetika pudagynyň dürli ýerlerinde zähmet çekjek geljekki hünärmenler taýýarlanylýar. Mugallymlar öz çykyşlarynda Türkmenistanda adaty däl energiýa çeşmelerini ulanyp, ýerine ýetirip boljak işler barada, şeýle hem öz ylmy-barlag işleri barada gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilen çykyş edýänleriň arasynda birnäçe soraglar boýunça özara pikir alyşyldy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan, işlemäge, ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.