Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda“Hünärli el-gül eýlär” ady bilen üme dessury geçirildi
01-03-2025
806
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda milli mirasymyzy hem-de maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, ýaşlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, maşgala ojagyna wepalylygy, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, maksady bilen, halkara zenanlar güni mynasybet Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Hünärli el-gül eýlär” ady bilen üme dessury geçirildi.