“Innowasion usullary ulanmak arkaly okuw sapaklaryny gurnamak”

Häzirki zaman bilimiň tehnologiki ösüş we global üýtgeşmeler şertlerinde ösýändigini nazara alyp, STEAM çemeleşmesini bilim maksatnamalaryna goşmaklygyň ähmiýetini düşündirmek, şeýle hem innowasion usullar bolan emeli aňyň we neýro torlaryň mugallymçylyk kärinde ulanmaklygyň peýdaly taraplaryny hem-de mümkinçiliklerini açyklamak, animasiýany, ýagny janly şekili döredýän dürli programmalary elektron tanyşdyryşlarynda ulanmaklygyň yzygiderligini görkezmek seminar okuwyň baş maksadyna öwrüldi. Seminar okuwynyň dowamynda STEM usulyny okuw prosesine ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli tapgyrlaýyn işleriň yzygiderligi, STEM hem-de STEAM barada düşünje, şeýle hem Gemini hem-de ChatGPT ýaly tehnologiýalar, tanyşdyryşlary taýynlamak hem-de döretmek üçin dürli görnüşli emeli aňlaryň ulanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin bellenilip geçildi.