ÝAŞ NESILLERIMIZE DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ ÄHMIÝETI BARADA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
22-02-2025
556
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Gurbangözel Akmyradowanyň we mugallymy Beghan Annasähedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdepde “Ösüp gelýän ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti” atly temadan11-nji synpda okaýan okuwçylar bilen duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmeklik ösüp gelýän ýaş nesillerimize çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde ýola goýuldy. Dünýäde ylym-bilim ugrunda üýtgeşmeleriň ýygy-ýygydan bolup geçýän döwründe dil öwrenmek örän ähmiýetlidir. Ilkinji dile eýe bolmaklyk islendik ýaşda dürli akyl ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.