ÝAŞ GURLUŞYKÇYLAR – WATANYMYZYŇ KUWWATY

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Bu göçme okuw sapagynda talyplaryň bilimlerini we amaly endiklerini artdyrmak üçin hem-de nazarýetde alan bilimlerini tejribeleriň üsti bilen has-da kämilleşdirmek maksady bilen gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň tehnologiki prosesleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň baş binasynda hem-de okuw binalarynda demirbeton, içki inženerçilik ulgamlaryny geçirmek, binanyň ýokarky gatlarynda diwarlaryň kerpiçlerini örmek, demirlerini dokamak, beton guýmak we diwarlaryň suwag işlerini ýerine ýetirmek ýaly işleriň alnyp barylyşy hem-de onuň ýerine ýetiriliş tehnologiýasy barada mugallymlar tarapyndan talyplara jikme-jik beýan edildi.

Göçme okuw sapaklary talyplaryň nazary bilimlerini berkitmek bilen bir hatarda, olaryň tejribe toplamagyna, hünär başarnyklaryny ösdürmegine we geljekde zähmet ýolunda özlerini has ynamly duýmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk meýdançasynda hakyky iş şertlerinde işlemek, inženerçilik we gurluşyk amallaryny göz bilen görmek hem-de olara işjeň gatnaşmak talyplaryň hünär taýdan kämilleşmegine, çözgüt tapmak ukybynyň we toparlaýyn işleýiş başarnyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Şeýle göçme okuw sapaklary geljekki gurluşykçy inženerleriň we binagärleriň ukyply, tejribeli we döwrebap hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm orun eýeleýär.