LLDC3 halkara forumTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň meýletinçi talyplarynyň hyzmat pursatlaryndan öwüşginli şekiller
08-08-2025
794
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji ýokary derejeli maslahaty (LLDC3) ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Bu forumyň ýokary derejede geçirilmegine öz mynasyp goşandyny goşýan meýletinçileriň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem bar.
Siziň dykgatyňyza, halkara forumda meýletinçi hökmünde çykyş edýän talyplarymyzyň işjeň hyzmatlaryny we joşgunly pursatlaryny beýan edýän fotosuratlar toplumyny hödürleýäris. Bu şekiller talyplarymyzyň taýýarlyk derejesiniň, tertipliliginiň hem-de watansöýüjilik ruhunyň aýdyň beýanydyr.