2025-nji ýylyň 5-nji iýulynda, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde judo sporty boýunça halkara derejesindäki abraýly ýaryş — “Aziýa Kubogy — 2025” atly çempionat üstünlikli geçirildi. Bu ýaryşa Aziýanyň dürli ýurtlaryndan onlarça türgen gatnaşyp, özleriniň sport başarnyklaryny görkezdiler.Bu ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Türkmen döwlet binagarlik gyrlusyk institutynyň KTAF fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kurbanowa Kurbanay -48 kg agram derejesinde tatami çykyp, ýokary sport taýýarlygyny we erjelligini görkezip, 3-nji orny eýeledi.Kurbanowanyň bu üstünligi ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň halkara sport giňişligindäki orny barada aýdyň beýany bolup hyzmat edýär. Şeýle hem bu üstünlik, ýaş türgenleriň geljekki üstünliklerine ýol açyp, olara ruhy goldaw berýär.