BILEGI GÜÝÇLI BIRINI ÝEŇER, BILIMI GÜÝÇLI MÜŇINI

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günlerinde geçirilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň jemi jemlendi we şol bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary I, II, III orunlara mynasyp boldylar, talyplaryň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine I, II, III derejeli diplomlar gowşuryldy we ýeňijileri taýýarlan mugallymlara bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.