Milli reýting ulgamynyň ýeňijileri sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriň sanawyna goşmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 2-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky 246-njy buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” laýyklykda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda reýting bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Reýting bahalandyrmasy internet ulgamy arkaly hereket edýän milli reýting ulgamy tarapyndan geçirilip, ýokary hünär biliminiň ähli ugurlarynda hakyky wagt tertibinde maglumatlary toplamak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda olardaky fakultetleriň, kafedralaryň we pedagogik işgärleriň görkezijileri jemi 6 ugra esaslanýan 53 görkeziji boýunça geçirildi. 

Netijede, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty görkezen umumy ball görkezijisiniň netijesi boýunça 4-nji orna, mugallymlaryň we talyplaryň sanyna (kontingent) gatnaşykda bolsa  3-nji orna mynasyp boldy. Degişli görkezijiler boýunça Türkmen döwlet binärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakulteti, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň arasynda 2-nji orna, “Diller” kafedrasy bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň arasynda 3-nji orna,  “Ýokary matematika” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Sähetgylyç Gylyjow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy. 

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda institutyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi