2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy Meýlis Nuryýewiň jogapkärçiliginde “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hem-de “Şäher gurluşygy” hünärleriniň 5-nji ýyl talyplary bilen bilen “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 5000 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumyna önümçilik okuw sapagy geçmäge gitdiler.
Ilki bilen mugallym talyplara okuw sapagy we tehniki howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşdyrylyp, talyplar häzirki wagt-da binanyň A-blogynda 1-nji gatynyň üst basyrgysynyň demirbeton işleri tamamlanan pursadyna şaýatlyk edip, häzirki wagt-da 1-nji gatynyň sütünleriniň demir dokamak (armirleme) işleri alnyp barylýandygyny onda demirbeton işleriniň 14%-niň ýerine ýetirilendigini doly gördüler we tanyşdylar. Ýenede binanyň B-blogynda ýerzemin gatynyň sütünleriniň we diwar perdeleriniň demirbeton işleri tamamlaýjy tapgyrda we ýerzemin gatynyň üst basyrgysynyň galyp tutmak we demir dokamak işleri (armirleme) dowam edýändigini, onda demirbeton işleriniň 8.9%-i ýerine ýetirlip, binanyň B-blogynda ýerzemin gatynyň tehniki kartasy bilen tanyşdylar. Soňra talyplar binanyň C-blogynda ýerzemin gatynyň üst basyrgysynyň demirbeton işleri tamamlanan ýagdaýyny we häzirki wagt-da 1-nji gatynyň sütünleriniň demirbeton işleri dowam edýändigini hem-de demirbeton işleriniň 11.9%-i ýerine ýetirilendigini bilen mugallym tanyşdyrdy.
Şeýlelikde talyplar umumy, amaly hem-de tejribe okuw sagatlarynda alan bilimlerini özleşdirmäge, ussat işgärleriň gatnaşmagynda şol ýerde dörän soraglaryna sorag-jogap alyşyp, hünärleriniň eýesi bolmaklygyň nähili jogapkärli işdigini öwrendiler we gurluşyk meýdançasynda ähi alnyp barylýan işleri gözleri bilen gördüler.