“Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we nesilleriň terbiýesinde ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we nesilleriň terbiýesinde ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.  Maslahat umumy mejlisden we Magtymguly Pyragy – milli ruhuň synmaz sütüni, Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary halkyň milli buýsanjy, Türkmenistan medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekany atly bölümlerden ybarat boldy. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen bilelikde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, beýik taryhymyzda şöhlelenişi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şu günki ýeten derejesi barada söhbetler edildi. Şeýle hem maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde dürli temalardan ýazylan goşgulardaky syrly setirleriň teswirlerine aýratyn üns berdiler we olar barada jikme-jik durup geçdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan medeniýetimiz we sungatymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny aýtdylar.