Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary we talyplary “Bouygues” kompaniýasyna okuw önümçilik tejribeligine gitdiler. Ol dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk we inženerlik kompaniýalarynyň biri bolup, birnäçe ýurduň ykdysadyýetine we senagatyna uly goşant goşdy. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarda ösüşini dowam etdirmek üçin, daşary ýurt kompaniýalarynyň işjeňligi we gatnaşygy möhümdir. Bu karhana gurluşyk materiallary, ýöriteleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi we gurluşyk serişdeleriniň öndürililişi bilen meşgullanýar. Şeýle-de, Türkmenistanda döwrebap we ekologiýa taýdan arassagurluşyk işleriniň durmuşa geçirilişine kömek edýär. Karhana, ýerli bazarda öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, täze tehnologik usullary ornaşdyrmak we hünärmenler üçin täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm ugurlarda üstünlik gazanýar. Bouygues Turkmen Karhanasynyň hünärmenleri talyplarymyza önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, täze tehnologiýalar bilen tanyşmak we hünär başarnyklaryny ösdürmek babatynda maslahatlar we teklipler bilen çykyş etdiler.
Gün-günden artýan ekologiýa meseleleri we daşky gurşawy goramak baradaky aladalar, gurluşyk senagatynyň ekologik täsirini azaltmak üçin täze materiallaryň we tehnologiýalaryň tapylmagy zerur. Talyplary gurluşyk materiallaryny öndürmekde ekologik taýdan arassa we durnukly önümleriň önmegi iň möhüm taraplarynyñ biridigi barada tanyşdyryldy. Bu okuw önümçiliginde talyplar ekologik taýdan arassa materiallaryň täsiri, olaryň täzeden işlenmegi we daşky gurşawy goramak üçin dürli usullar barada söz açdylar. Ekologik arassa materiallar, daşky gurşawyň arassalanmagynyñ ýokarlanmagyny we tebigy resurslarynyň köpelmegine, gurluşyk materiallarynyň täzeden işlenmegi ekologik taýdan uly ähmiýete eýe. Plastik we beýleki materiallaryň täzeden işlenmegi, tebigy resurslaryň has köp ulanylmagynyň öňüni alýar. Materiallaryñ täzeden işlenmegi diňe ekologiýa taýdan arassa däl, eýsem ykdysady taýdan has bähbitli bolup durýar. Şeýle materiallar, binalaryň energiýa sarp edişini azaldyp, has amatly şertleri döredýär. Gurluşyk materiallarynyň ekologik taýdan arassalanmagynda käbir ýalňyşlyklar we kynçylyklar bar. Iň möhüm meseleleriň biri, täze materiallaryň öndürilmegine baglylykda, olaryň täzeden işlenmek aýratynlyklarynyň, arzanlygynyň we elýeterliliginiň çäkli bolmagydyr. Talyplar bilen gurlusyk materiallarynyň ekologik taýdan arassa öndürilmegi, tebigaty goramak, daşky gurşawyň berkemegini we energiýany tygşytlamagyñ täze mümkinçiliklerini üpjün etmek möhümdigi barada pikir alyşdylar. Talyplar öz gezeginde ekologik taýdan has arassa materiallar, diňe binalarda däl, eýsem bütin gurluşyk senagatynda täzeden işlenme bilen has täsirli bolup biljekdigini hem-de gurluşykda täze tehnologiýalaryň orny we materiallaryň täzeden işlenmegi, ekologiýanyň we tebigaty goramagyň esasy özenidigine düşündiler.