AŞGABAT ŞÄHERINIŇ BUG ÖNDÜRIJI “ÝYLADYŞ” WE “ÝYLADYŞ-ÖNÜMÇILIK” GAZAN DESGALARYNDA GEÇIRILEN ÖNÜMÇILIK OKUW SAPAGY

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda “Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Aşgabat şäheriniň 6-njy kiçi etrapçasynda ýerleşýän bug öndüriji “Ýyladyş” we 5-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän bug öndüriji “Ýyladyş-önümçilik” gazan desgasynda kafedranyň uly mugallymy, t.y.k. Sapargeldi Daňatarowyň ýolbaşçylygynda okuw önümçilik sapagyny geçdiler.

 Talyplar Aşgabat şäheriniň 6-njy kiçi etrapçasynda ýerleşýän 3 sany ДЕ-16-14-Г kysymly bug öndüriji gazanlary bolan “ýyladyş” maksatly gazan desgasyna berilýän ýangyjyň – tebigy gazynyň, howanyň, suwuň berliş düzgünleri, oňa degişli enjamlary bilen doly tanyşdylar. Ýyladyş maksatly gazan desgasynda ýerleşýän 3 sany gazanlaryň: işleýän gazany, ätiýaçlyk gazany we bejeriş işleri alnyp barylýan gazany bilen jikme-jik tanyşdylar. Ýyladyş maksatly gazan desgasy üçin gerek bolan suwy himiki arassalaýjy desgalarda arassalanyşy, gazanlarda buguň öndürilişi, bugdan ýylylyk setiniň suwuna ýylylygyň geçirilişi, ulanyjylara set suwunyň ugradylyşy, dürli maksatly nasoslar we olaryň işleýişi, ýylylyk çalşyjy enjamlarda bolup geçýän prosesler, gazan desgasynyň dürli enjamlarynda ölçeýiji we barlaýyjy enjamlaryň gurnalyşy, sazlanyşy öwrenildi. Ýyladyş maksatly gazan desgasynyň ulanyjylary ýylylyk bilen üpjün edýän baş meýilnamasy bilen tanyşdylar. Ýyladyş maksatly gazan desgasynyň ähli enjamlarynda bolup geçýän prosesleri desganyň ussat işgärleriniň gatnaşmagynda gözleri bilen görüp, düşünip öwrendiler.

Ondan soňra talyplar Aşgabat şäheriniň 5-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän bug öndüriji “ýyladyş-önümçilik” maksatly 2 sany ДЕ-10-14-Г we bir sany ДЕ-6,5-14-Г kysymly gazanlary bolan gazan desgasyna baryp olara berilýän ýangyjyň – tebigy gazynyň, howanyň, suwuň berliş düzgünleri, oňa degişli enjamlary bilen doly tanyşdylar. Ýyladyş-önümçilik maksatly gazan desgasynda ýerleşýän 3 sany gazanlaryň: işleýän gazany we ätiýaçlyk gazany bilen jikme-jik tanyşdylar. Ýyladyş-önümçilik maksatly gazan desgasy üçin gerek bolan suwy himiki arassalaýjy desgalarda arassalanyşy, gazanlarda buguň öndürilişi, buguň önümçilige ugradylyşy we önümçilikden kondensatyň dolanyp gelişi, buguň set suwyny gyzdyryjy enjama berilişi we bugdan ýylylyk setiniň suwuna ýylylygyň geçirilişi, ulanyjylara set suwunyň ugradylyşy, dürli maksatly nasoslar we olaryň işleýişi, ýylylyk çalşyjy enjamlarda bolup geçýän prosesler, gazan desgasynyň dürli enjamlarynda ölçeýiji we barlaýyjy enjamlaryň gurnalyşy, sazlanyşy öwrenildi. Ýyladyş-önümçilik maksatly gazan desgasynyň ulanyjylary ýylylyk bilen üpjün edýän baş meýilnamasy bilen tanyşdylar. Ýyladyş-önümçilik maksatly gazan desgasynyň ähli enjamlarynda bolup geçýän prosesleri desganyň ussat işgärleriniň gatnaşmagynda gözleri bilen görüp, düşünip öwrendiler.

 “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý.t.y.k. S.Daňatarow