TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY HEM-DE RUSSIÝANYŇ
D.I. MENDELEÝEW ADYNDAKY HIMIÝA-TEHNOLOGIÝA UNIWERSITETI BILEN GEÇIRILEN ONLAÝN OKUWY
19-12-2024
186
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygynyň çäklerinde Russiýanyň D. I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň “Informatika we kompýuter taslamalary” kafedrasynyň dosenti F.S. Sowetiniň çykyş etmeginde “Himiýa tehnologiýasynyň proseslerini modelleşdirme” dersinden 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen teleköpri arkaly okuw ýyly boýunça jemleýji okuw sapagy geçirildi we sorag jogap alyşyldy. Oňa Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary we fakultetiň mugallymlary gatnaşdylar.