Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Ýokary matematika” kafedrasynyň mugallymy Mähri Myradowa, “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarow, “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň mugallymy Wepa Allaýarow, şeýle hem talyplardan Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň talyby Azym Kertiýew, Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby Myhman Şakirjanow ýokary işjeňlik görkezip, Şa serpaýyna mynasyp boldular. Görnüşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmekleri, ýaş alymlaryň bolsa täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Institutyň ýaş alymlary mundan beýläk-de geçirilýän ylmy-taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi we öz ylmy işlerini önümçilige ornaşdyrmaklygyň ugrunda işleri alyp barmaklygy maksat edinýärler.