Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileýmedaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda zähmet çekýän mugallymlaryň birnäçesi Çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň il ýaşulusy: Amangeldi Orazow, Elektrotehnika kafedrasynyň dosenti Alihan Ökdirow, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, “Gaýrat” medalynyň eýesi, zähmet weterany Zlaýha Orazowa sylaglandylar.