“GURBAN BAÝRAMY” – RUHY TÄMIZLIGIŇ BAÝRAMY

Külli musulman döwletleri bilen birlikde ata Watanymyzda ýokary derejede toýlanylýan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýär.

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň agzybir mugallymlary we talyplary bilen birlikde Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk saçagynyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlik çäresiniň dowamynda mugallymlar we talyp ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de institutymyzyň aýdym saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary çäräniň üstüni ýetirdi.

Bularyň ählisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna kybap gelýän, hoşniýetliligiň, päk ýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredilýär.

Goý, türkmen halkynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň we onuň dowamatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. Toýlarymyz toýlara ulaşsyn