Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyňwe öz janyňa kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirlen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamynyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de internet ulgamyny okuw maksatly ulanmak we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen “Bagtyýar ýaşlar-Watanmyzyň geljegi” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.