“STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini oňyn çözmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, dersara baglanyşygy üpjün etmek, ýaşlary hemmetaraplaýyn sowatly, döwrüň talaplaryna laýyklykda zerur bolan başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 411 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda” bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigi hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisi geçirildi. Bu bäsleşige we onuň bilen ugurdaş sergä ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Emin agzalary tarapyndan ýeňiji bolan toparlar yglan edildi we  Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Baş baýragy hem-de I, II, III derejeli diplomlary we institutyň Kärdeşler arkalyşygy komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.