Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gurnamagynda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Güneşli ülkämiziň bagtly çagalary” atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatynyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary bilim alýan talyp ýaşlara maşgala mukaddesligi, çaga bolan söýgi, ýaşlaryň ýurdumyzyň nurly gelejegidigi, çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler we ş.m dogrusynda çykyş etdiler.
Bulardan başgada, okuw maslahatynda çykyş edenler Çagalary goramagyň halkara güni barada taryhy wakalary has takygy, 1989-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan Çagalaryň hukuklary barada halkara konwensiýanyň kabul edilmegi, 1994-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň bu konwensiýa goşulmagy we şondan bäri ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramakda we olaryň eşretli durmuşda ýamaklary ugrunda ýurt möçberinde uly işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda bellediler.
Şonuň ýaly hem halypa mugallymlar okuw maslahatyna gatnaşan talyplara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigi we gaznanyň alyp barýan işleri hem-de ýakynda gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli uly halkara çäräniň geçirilendigi dogrusynda nygtadylar.
Häzirki wagt-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamaklary, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmaklary üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.