Sanly ulgam arkaly okuw-ylmy maslahat

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutynda sanly ulgam arkaly giň gerimli okuw-ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahatda OHU, HNGU, ATDBGI, TDEI we TITUKI institutlarynyň professor-mugallymlary gatnaşdy. Maslahatda esasan Türkmen Oba Hojalyk Institutynyň Gidromelioratiw Işleriň Tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Serdargeldi Gökjiýew “Suwuklyklaryň deşikden we oturtmadan akyp çykmagy” atly temada çykyş etdi.

Onlaýn görnüşde geçirilen bu çärede, Serdargeldi Gökjiýew suwuklyklaryň ýerasty we ýerüsti gurluşlarda düzgünli akyp çykmagynyň tehniki taýdan möhüm ugurlaryny giňişleýin düşündirdi. Şeýle hem, suwuklyklaryň deşikler we oturtmalar arkaly agyz suwy ulgamynda we melioratiw gurluşlarda durnukly akymyny üpjün etmek boýunça tehnikleriň we çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça ylmy-tehniki tejribeleri beýan edildi.

Maslahatda gatnaşyjylar suwuklyklaryň akyp çykmagynyň gurluşy we tehnologiýasy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, netijeli tejribeleri alyşdylar we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bu ugurdaky orny barada pikir alşdylar. Şeýle çäreler Türkmenistanyň oba hojalyk we gurluşyk pudaklarynyň innowasion ösüşine hem-de ylmyň yzygiderli ösmegine uly goşant goşýar.

Serdargeldi Gökjiýewiň alyp baran maslahaty dürli ugurlardaky hünärmenleriň we talyplaryň bilimini giňeltmek, ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de sanly tehnologiýalary iş ýüzünde netijeli ulanmak üçin ähmiýetli bolup durýar.