23-nji maýda Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynda Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Barteleminiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň hem-de gurluşyk we senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösýändigi, köpsanly nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesiniň gurlandygy, olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy we institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýandygy barada aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna alnyp barylýan giň gerimli işler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk instituty