“BILIMLI NESIL – KUWWATLY WATAN” ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda meýletinçilik hereketini we ynsanperwerlik duýgusyny ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň wezipelerini üstünlikli jemlemek bilen mekdep okuwçylaryny hünär saýlap almaga we daşary ýurt dillerini öwrenmäge ugrukdyrmak maksady bilen, Ata Watanymyzyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 77-nji we 116-njy mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkezi bilen “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda  “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” atly okuw seminary geçirildi.  

Bu okuw seminarynda Diller kafedrasynyň mugallymlary mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler, şeýle hem Meýletinçileriň wezipeleri we iri sport çärelerinde olaryň tutýan orny baradaky çykyşlar meýletinçi ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň waspçylary bolup durýandygyny görkezýär. Meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerinde eden çykyşlary olaryň  döredijilik zehinlerini has-da açyp görkezdi. Okuw seminaryň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemäge we okamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.