Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Guşakly göreşi boýunça Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mekan Hommatgeldiýewiç Nurberdiýew 70 kg agram derejesindäki türgenler bilen bäsleşip, baýrakly I oruna we altyn medala mynasyp boldy.
Häzirki wagt-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň halkara sport bäsleşiklerine gatnaşyp uly ýeňişleri eýelemegi, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmaklary üçin giň ýol açylýar.
Orazow Maksat,
TDBGI-niň Talyplar Sport klubynyň başlygy,
Türkmenistanyň sport ussady