Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýär, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky orny dabaralandyrylýar. Türkmen halysy- munuň özi halkymyzyň milli taryhynyň sakasy, gözli çeşmesidir.
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyp gyzlary bilen bilelikde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdylar.