“Arkadag” futbol toparynyň gazanan üstünligi

Arkadag şäheriniň “Arkadag” futbol toparynyň Aziýa yklymynyň öňdebaryjy toparlarynyň arasynda geçirilen abraýly ýaryşyňAziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy tutuş halkymyzy begendiren, buýsandyran şanly waka boldy. Arkadag şäheriniň futbol topary ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky bäsleşiklerde öňe saýlanmagy başardy. “Arkadag” futbol toparynyň bu taryhy üstünligi barada, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ahallyýew Rüstem “Arkadag” futbol toparynyň agzasydygy bizi has hem buýsandyrýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşleriniň,milli sportumyzyň üstünlikleri hakynda 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda söhbetdeşlik geçirildi we “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.