“ZEHINLER ÜLKESI” ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlarda dil öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak, döredijilikli, çeper pikirlenmek ukyplaryny, dil endiklerini kämilleşdirmek, daşary ýurt dillerinde suwara geplemek, öz pikirlerini beýan etmek başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2025-nji ýylyň maý aýynyň 17-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Diller” kafedrasynyň we “Maglumat howpsuzlygy” dil öwreniş bölüminiň talyplarynyň guramagynda “The Land of Talents” (“Zehinler ülkesi”) atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

“Zehinler ülkesi” ýaly intellektual çäreleriň geçirilmegi, talyplaryň döredijilik we dil başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, olaryň özlerini erkin beýan etmek, toparlaýyn işlemegiň ähmiýetini düşünmek ýaly ukyplaryny hem kämilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy, sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilmegi, ylmy we tehniki innowasiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy bilen düýpli ösüşleri başdan geçirýär.

Şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegi hem talyplaryň öz başarnyklaryny kämilleşdirip, geljekde olary kämil hünärmenler hökmünde taýýarlamaga uly itergi berer.