HALKARA SPORT BÄSLEŞIGINDE ÝEŇIŞ GAZANAN TALYP TÜRGENLERIMIZ SYLAGLANYLDY
03-05-2025
1737
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 26-27-nji apreliaralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň La Nusiýa şäherindeerkin we grek-rim göreşi boýunçahalkara ýaryşyndainstitutyň Ýol gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow we Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Watan Annaorazow dagylar I orny eýeläp, altyn medalamynasyp bolup, olara hormatly rektorymyzyň hormat hatlaryny we institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Şu ýerde ýene bir belläp geçmeli guwandyryjy wakalaryň biri hem institutyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Watan Annaorazowyň 2025-nji ýylyň 8-9-njy ýanwary aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde erkekleriň arasynda erkin göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 79-kg agram derejede çykyp edipI orna, altyn medala we sport bil guşagynamynasyp bolandygyna hem buýsanýarys.