Türkmenistan–Malaýziýa: tehniki bilim ulgamynda esasy hyzmatdaşlar
02-05-2025
1201
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň häzirki ösüş tapgyrynda tehniki ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenlere bolan isleg ep-esli ýokarlanýar. Bu hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Günorta Gündogar Aziýanyň çalt ösýän ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu döwletler bilen gatnaşyklar arkaly ylmy bilim kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça işjeňlik görkezýär.