Aşgabat şäherinde şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT 2025) geçirildi.
Bu halkara maslahat “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda bütindünýä energetikanyň geljegini kemala getirmek – innowasiýalar, energetika geçişi we strategiki hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçirildi. Çäre milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we öňdebaryjy bilermenleriň wekillerini dünýä energetikasynyň esasy kynçylyklaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilik boldy.
Geçirilen Halkara maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary aktiw gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň “Zehinler, başarnyklar we emeli aň - geljegiň işçi güýjüni döretmek” atly bölümçesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we tejribeli alymlar çykyş etdiler.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahatyň mowzuklary energetika geçişini, innowasion tehnologiýalary, halkara hyzmatdaşlygy, gazhimiýa we gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmegi, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi we metan zyňyndylaryny azaltmagy öz içine alýar.
Maslahat bilen ugurdaş 70 ýurtdan 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda “OGT Expo” sergisi geçirildi. Olaryň arasynda ADNOC, CNPC, “Eni” we PETRONAS ýaly pudagyň öňdebaryjylary kompaniýalar bar.