“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga gelen Tenaga milli uniwersitetiniň Halkara müdirliginiň direktory Ibrahim Nazrita Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda bolup, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň barşynda Tenaga milli uniwersitetiniň Halkara müdirliginiň direktory Ibrahim Nazrita daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler dogrusynda belläp geçdi.
Ibrahim Nazrita Tenaga milli uniwersiteti gurluşy, alynyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin institutyň professor-mugallymlaryna we talyp ýaşlara gürrüň berdi.
Duşuşykda institutyň professor-mugallymlary myhmanlar bilen ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlary we Tenaga milli uniwersitetiniň tejribeleri boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym, bilimi kämilleşdirmek boýunça bilelikde işler alyp barmak barada maslahatlaşyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölümi