Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutda göçme okuw sapagyny geçdiler

Türkmenistanyň döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutda göçme okuw sapagyny geçdiler . Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty TDBGI-niň Himiýa fakultetiniň binýatlyk kafedrasy bolup durýar. Bu ýerde 5-nji ýyllyk talyplarymyz diplom taslamasynyň öňündäki ylmy-önümçilik tejribeligini hem geçýärler. Talyplar göçme sapagynyň çäklerinde ylmy institutyň barlaghanalary hem-de tejribe enjamlary bilen tanyşdylar hem-de özleriniň ylmy höwesjeň temalary boýunça himiki maddalaryň düzümlerini, fiziki,himiki häsiýetlerini kesgitläp öwrendiler.  Talyplaryň göçme okuwda bolmaklygy özleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerindäki ýyllyk taslamalaryny,diplom taslamalaryny hem-de ylmy barlag işleri üçin gymmatly maglumatlary topladylar. Şeýle hem, ylmy barlag institutyň alymlary talyplara Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi temasy boýunça umumy sapak geçdiler.