Türkmenistanyň döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutda göçme okuw sapagyny geçdiler . Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty TDBGI-niň Himiýa fakultetiniň binýatlyk kafedrasy bolup durýar. Bu ýerde 5-nji ýyllyk talyplarymyz diplom taslamasynyň öňündäki ylmy-önümçilik tejribeligini hem geçýärler. Talyplar göçme sapagynyň çäklerinde ylmy institutyň barlaghanalary hem-de tejribe enjamlary bilen tanyşdylar hem-de özleriniň ylmy höwesjeň temalary boýunça himiki maddalaryň düzümlerini, fiziki,himiki häsiýetlerini kesgitläp öwrendiler. Talyplaryň göçme okuwda bolmaklygy özleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerindäki ýyllyk taslamalaryny,diplom taslamalaryny hem-de ylmy barlag işleri üçin gymmatly maglumatlary topladylar. Şeýle hem, ylmy barlag institutyň alymlary talyplara Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi temasy boýunça umumy sapak geçdiler.