2026-njy ýylyň maý aýynyň 20-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň gurnamagynda "Himiýa tehnologiýasy pudagynda professional terminologiýany özleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti" atly onlaýn seminar geçirildi. Seminara "Diller" kafedrasynyň uly mugallymlary Baýramtäç Oraztaganowa, Kümüş Allabaýewa hem-de mugallym Merjen Baýramgulyýewa gatnaşyp, çykyş etdiler.
Daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkneistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ösüş depgini ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Dil bilmek iş tejribäňi ösdürmäge we özara tejribe alyşmaga döredilýän mümkinçilikdir. Dünýä dillerini bilýän hünärmen milli gymmatlyklarymyzy wagyz-nesihat etmekde hem kämildir. Geljekki hünärmenler hünärine degişli söz baýlygyny, adalgalary we söz düzümlerini ösdürmek maksady bilen okaýyş, ýazuw, diňleýiş, görüş we gürleýiş endiklerini yzygiderli kämilleşdirmäge üns bermelidirler. Bu endikleriň ösdürilmegi olaryň hünär taýdan sowatly, erkin pikirlenýän we netijeli aragatnaşyk gurup bilýän hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär.