ANONIMLIK WE GIZLINLIK STRATEGIÝALARY

2026-njy ýylyň 27-njy aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagyna bagyşlanyp Zoom platformasynda geçirilmeli onlaýn semenarlaryň meýilnamasyna laýyklykda Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Ymamkasym Meredow “Anonimlik we gizlinlik strategiýalary” atly ylmy amaly maslahaty onlaýn görnüşinde geçirildi.

Internetde anonimlik häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň iň möhüm düşünjeleriniň biridir. Anonimlik – bu ulanyjynyň internetde hereket enende öz şahsyýetini gizlin saklamak ukybydyr. Howpsyzlyk bolsa maglumatlary, ulgamlary we şahsy maglumatlary dürli howplardan goramak çäreleriniň jemidir. Bu iki düşünje biri - biri bilen berk baglanyşyklydyr, sebäbi anonimlik köplenç howpsyzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär.

Umuman bu ylmy amaly maslahatda internetde anonimligi üpjün edýän usullar, ýagny VPN ulanmak, Tor ulgamy hem-de Proxy serwer barada gyzykly maglumatlar aýdyldy.