Ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň ösüşi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň çakylygy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň gatnaşmagynda “Diliň medeniýeti we jemgyýeti” atly talyplaryň IV halkara onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary hem bu maslahata gatnaşdy.

Ylmy-amaly maslahatda diliň wajyplygy, aýratynlygy barada sorag-jogap alyşdylar.