Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ” aprel aýynyň 18-ine türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen türkmen
halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesle geçip gelýän
halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika we binagärlik we gurluşyk fakultetiniň mugallymlary
we talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç
guraldy. “Aşgabat” teleýaýlymy
tarapyndan ýazgy edildi.