Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak”ýylynda talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli- 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güller Goşaýewa, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýazgül Annamämmedowa, Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Jennet Annasähedowa, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Perwana Meretgeldiýewa, Inžner-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şirin Atamyradowa gatnaşdylar. Bäsleşikde baş baýraga Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gülmire Hojagylyjowa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan gyzlar gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.